Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da
berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy
gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji
maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza
baýramyny 2023-nji ýylyň 21-nji aprelinde bellemeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň
görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 13-nji apreli.