Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi
bellemek hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny
ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän
önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda hem-de täze
belentliklere ýetirmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini
dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi
her ýylyň 3-nji noýabrynda belläp geçmeli.
2. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi,
Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk
önümçiligi ministrligi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň
gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hem-de welaýatlaryň, Aşgabat
we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Gurluşyk we senagat toplumynyň
işgärleriniň gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün
etmeli.
3. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi,
Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk
önümçiligi ministrligi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni hem-de Awtomobil
ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi Türkmenistanyň
Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we
goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý
möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 4-nji noýabry.