milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda
11.11.2023 491 Habarlar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünliklerini, berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:

 

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

 

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Garry Nohur» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Serdar Orazmyradowiç Ekäýewi,

 

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Ýandaklyagyz» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Çaryberdi Aşyrmyradowiç Pirowy,

 

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Baýramsähat Amangýeldiýewiç Narowy,

 

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Parahat Aşyrowiç Kowusowy,

 

«Batly Gadam» hususy kärhanasynyň direktorynyň oba hojalyk ösümlikleri boýunça orunbasary Annamämmet Annaýewi,

 

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndan hususy önüm öndüriji Mirmuhammet Baýrammämmedowiç Babaýewi,

 

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Tuwakgül Ýegendurdyýewany,

 

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Tirkeşguly Annamämmedowy,

 

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Artykgül Babaýewna Hudaýnazarowany,

 

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Zähmetkeş» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jumanazar Tirkeşowy,

 

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Zaman» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Serdar Agabaýewiç Begmädowy,

 

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aşyrdurdy Babyşowiç Atanowy,

 

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Çekiç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kerimguly Hezziýewi,

 

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rahymguly Jumakulyýewi,

 

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndan hususy önüm öndüriji Batyr Baýmuradowiç Namazowy,

 

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gülçehra Sanakulyýewna Babanazarowany,

 

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sähetmyrat Nurýagdyýewiç Nökerowy,

 

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Läle Nurmuhammedowna Atahanowany,

 

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Arslan Amanmyradowiç Taganowy,

 

Mary welaýatynyň Mary etrabyndan hususy önüm öndüriji Merdan Ýazmyradowiç Orazowy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 10-njy noýabry.