Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny
jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
merdana ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip
hem-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan taryhy tejribesine
daýanyp, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli wajyp meseleleri
jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda ara alyp maslahatlaşmak, Garaşsyz
Watanymyzda ýetilen sepgitleri, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da
berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi täze
derejelere ýetirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň
801-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň
bilelikdäki maslahatyny jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň
21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde, Maslahat köşgünde geçirmeli.
2. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri
ýerli wekilçilikli edaralaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik
birleşikleriniň teklipleri esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
palatalarynyň bilelikdäki maslahatyna gatnaşmak üçin teklip edilýän
jemgyýetçilik wekilleriniň sanawyny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň garamagyna 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwaryna çenli hödürlemeli.
3. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we
Mejlisi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň
gatnaşmagyndaky bilelikdäki maslahatyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen
bagly işleri utgaşdyrmaly, bu işlerde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň
häkimliklerine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermeli.
4. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň
jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky bilelikdäki maslahatyny geçirmek
bilen bagly çykdajylary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda
maliýeleşdirmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 11-nji ýanwary.