Oraza baýramyny
bellemek hakynda
Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini,
agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza
aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar
edýärin:
1. Türkmen halkynyň
milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde bellemeli.
2. Şu Permanyň
ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar,
kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.