milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
16.03.2024 702 Habarlar

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2024-nji ýylyň aprel  iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmaly.

2. Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan Türkmenistanyň erkek raýatlaryny 2024-nji ýylyň aprel iýun aýlarynda harby gulluga çagyrmaly.

3. Şu Perman resmi çap edilen gününden herekete girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti,

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

                    Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 15-nji marty.