15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň
arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşler köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli
goňşuçylyk däplerine, doganlyk halklaryň taryhy-medeni umumylygyna esaslanýan
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilýändigine ünsi çekip, halkara gatnaşyklarda
iki ýurduň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny
bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň arasyndaky syýasy
gatnaşyklaryň dünýä giňişliginde ýokary derejä ýetendigi aýratyn nygtaldy.
Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky
türkmen-özbek hyzmatdaşlygy, şeýle-de parlamentara gatnaşyklar üstünlikli
ösdürilýär we işjeňleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Özbegistan
Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has ýokary derejä ýetmegi ugrunda
mundan beýläk-de ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini belledi.
Özbek Lideri soňky ýyllarda dost-doganlyk,
deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä
çykandygyny hem-de häzirki wagtda giň ugurlar boýunça ösdürilýändigini aýtdy.