7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny
amala aşyryp, sebitde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
oba hojalyk, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň
hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň sebitlerini mundan
beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine bagyşlanan iş
maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda, hususan-da, obasenagat toplumyny
ösdürmek we onuň kuwwatyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz Mary
welaýatyna iş saparynyň dowamynda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.