«Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek hakynda
Gündogaryň beýik
akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny
dabaralandyrmak, şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek boýunça alnyp
barylýan işleri wasp etmekde, dana şahyryň eserlerinde öňe sürülýän
watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize
söýgi döretmekde, şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermekde döwrebap,
kämil eserleri döredendiklerini, medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk
dabaralarynda üstünlikli çykyş edendiklerini, türkmen medeniýetini, sungatyny,
edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklaryny nazara alyp, şeýle hem döredijilik
bilen meşgullanýan ýaşlary sylaglamak maksady bilen, karar edýärin:
Ýurdumyzyň
şu ýaşlaryny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijileri
diýip yglan etmeli we her bir ýeňijini Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn
zynjyry we 3500 (üç müň bäş ýüz) manat pul baýragy bilen sylaglamaly:
Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy
Maksatmyrat Serdarowiç Çaryýewi;
Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl
talyby Gülnar Gurbanmyradowna Geldimyradowany;
Myrat Garryýew
adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň adam anatomiýasy,
topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy Merjen
Berdiýewany;
«Türkmengaz» döwlet
konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň buhgalteriýa bölüminiň 1-nji
derejeli buhgalteri Çarygeldi Nurmyradowiç Gurbanowy;
Hydyr Derýaýew
adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň pedagogika mugallymy Kakajan Hojagurbanowiç
Çaryýarowy;
Türkmenistanyň
Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 5-nji ýyl
talyby Güljemal Rejepowna Myradowany;
Türkmenistanyň
Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 6-njy ýyl
talyby Salyh Mämmetsapar ogly Saparmämmedowy;
Türkmen döwlet
medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gurbangül
Mämmetnazarowna Bekbaýewany;
Türkmenistanyň
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň önümçilik meseleleri
boýunça orunbasary Isgendermuhammet Annamuhammedowiç Annamuhammedowy;
Türkmenistanyň Alp
Arslan adyndaky milli drama teatrynyň 1-nji derejeli artisti Guwançmyrat
Amanmämmedowiç Allanazarowy;
Maýa Kulyýewa
adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl
talyby Maksat Agamuradowiç Hudaýberdiýewi;
Sahy Jepbarow adyndaky
Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň
mugallymy Annageldi Öwezmuhammedowiç Annaýewi;
Maýa Kulyýewa
adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk
mekdep-internatynyň saz nazaryýeti bölüminiň ikinji derejeli mugallymy Kerim
Gadamowiç Jumagulyýewi;
Türkmenistanyň
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň estrada artistleri toparynyň
1-nji derejeli artisti-wokalisti Üýşenmyrat Meretmuhammedowiç Annanurowy;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Bägül Döwletgeldiýewna Maşadowany.
Türkmenistanyň
Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat
şäheri, 2023-nji ýylyň 25-nji dekabry.