«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny
hem-de Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde,
syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde,
döwlet bähbitlerini goramakda, ýaş hünärmenleri taýýarlamakda gazanan uly
üstünliklerini hem-de diplomatik gullukda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal,
göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle-de Türkmenistanyň diplomatik
işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň diplomatik
gullugynyň şu işgärlerini «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş
nyşany bilen sylaglamaly:
Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Sapar
Berdiniýazowy,
Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň
weterany Aman-Geldi Öwezowiç Baýramowy,
Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň
weterany Wladimir Akimowiç Kadyrowy,
Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa
kafedrasynyň mugallymy Kakajan Mommadowy,
Türkmenistanyň Russiýa
Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Tahirowiç
Durdyýewi,
Soltan Pirmuhammedowy (merhum).
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji fewraly.