16.09.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
30.08.2021 89 Habarlar

29-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ýewropa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň çäklerinde, hususan-da, «Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan» Bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara dialogyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde hem-de hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meseleleri boýunça netijeli ösdürilýändigi aýratyn bellenildi.