22.09.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
11.09.2020 64 Habarlar

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Sindzo Abe Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara giňişliginde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Dünýäniň hem-de sebitiň abraýly guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda jenap Sindzo Abeniň saglyk ýagdaýy sebäpli Premýer-ministriň wezipesinden gidýändigi baradaky habary düşünmek bilen kabul etdiler diýip, milli Liderimiz öz söhbetdeşine bilelikdäki işler hem-de türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklaryny okgunly ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi hem-de Ýaponiýanyň täze Hökümeti bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.