14-nji
iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran
Yslam Respublikasyna ugrady.
Aşgabadyň
Halkara howa menzilinden hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary
ugratdylar. Bir sagatdan gowrak wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary iki
dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Tähranyň «Mehrabad» Halkara
howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Eýran Yslam
Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň
agzalary mähirli garşyladylar.