5-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
britan tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk
Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç
geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Beýik Britaniýa ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk
Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi Lýusia Uaýld bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde bolan
söhbetdeşliginde dürli ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýän hyzmatdaşlygyň netijeli
häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Şunda taraplaryň köpýyllyk
hyzmatdaşlyga hil taýdan täze many-mazmun bermäge ygrarlydyklaryna aýratyn üns
çekildi.
...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary
London şäheriniň «Stansted» Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda
döwlet Baştutanymyzy Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň ýörite wekili Çarlz
Anderson, ýurduň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili
baronessa Emma Nikolson we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Bukingem köşgüne tarap ugrady.
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasy mynasybetli resmi kabul edişligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III-ni Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan täç geýdirmek dabarasy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.