milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar
10.07.2022 752 Habarlar

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi hem-de Siziň üstüňiz bilen doganlyk türkmen halkyny yslam dünýäsiniň esasy baýramlarynyň biri, ruhy bitewüligi, jebisligi we asylly maksatlary özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Nurana baýramçylykda Size berk jan saglyk, bagt, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Ilham ALIÝEW,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

 

* * *

 

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi we türkmen halkyny mübärek Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu nurana baýramda biz musulman ymmatynyň has-da jebisleşmeginiň, birek-birege raýdaşlyk bildirilmeginiň, adamlaryň kalbyny rehimdarlyk we päklik duýgularyna besleýän yslam taglymlarynyň dabaralanmagynyň şaýady boljakdygymyza umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňize Beýik Biribardan berk jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de abadançylyk dileg edýärin.

Seýed Ebrahim RAISI,

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

 

* * *

 

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollamaga şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize Beýik Biribardan berk jan saglyk we bagt, dostlukly ýurduňyza hem-de halkyňyza rysgal-bereket, abadançylyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa ösüş, rowaçlyk dileg edýärin.

Muhammad Ýunus AL-MANFI,

Liwiýanyň Prezident geňeşiniň Başlygy.

 

* * *

 

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermek mende uly şatlyk duýgusyny döredýär.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagt, türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa ösüş, abadançylyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Emir Muhammed ben Saad ben Halid AL SAUD,

Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa maşgalasynyň agzasy.

 

* * *

 

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Tatarystanlylaryň adyndan hem-de hut öz adymdan musulmanlaryň iň uly baýramy — Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Size hem-de Siziň dostlukly ýurduňyzyň halkyna tüýs ýürekden berk jan saglyk, mizemez ynam hem-de ähli asylly başlangyçlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, ruhy jomartlyk, rehimdarlyk, ýakynlaryňa hemişe goldaw bermäge taýýarlyk ýaly asylly taglymlary özünde jemleýän bu nurana günler biziň dünýämize sogaply işleriň hem-de adyllylygyň nuruny çaýsyn, dünýäde abadançylygyň bähbidine hyzmat etmegiň belent şatlygyna beslesin!

Size hem-de Siziň ýurduňyzyň ähli raýatlaryna bagt we Beýik Biribaryň rehim-şepagatyny arzuw edýärin.

Rustam MINNIHANOW,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti, “Russiýa — yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň başlygy.