milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri doglan güni bilen gutlaýarlar
Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri doglan güni bilen gutlaýarlar
29.06.2020 793 Habarlar

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Siziň doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.

Siz, watandaşlaryňyzyň arasynda we daşary ýurtlarda tejribeli, öňdengörüji döwlet işgäri, öz ýurdunyň hakyky Lideri hökmünde uly abraýdan peýdalanýarsyňyz. Russiýada Siziň döwletleriň arasyndaky möhüm gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen tagallalaryňyza ýokary baha berilýär.

Biziň işjeň gatnaşyklarymyzyň we netijeli bilelikdäki tagallalarymyzyň mundan beýläk-de dowam etjekdigine ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de alyp barýan döwlet işiňizde üstünlikler arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin,

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Siziň doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň.

Soňky ýyllarda hytaý-türkmen gatnaşyklary yzygiderli we durnukly ösüş ýagdaýynda saklanýar. COVID-19 ýokanjy zerarly emele gelen epidemiýa garşy göreşmekde biziň ýurtlarymyz birek-birege goldaw berýär, tejribe alyşýar we wehimlere bilelikde garşy durýar. Munuň özi ikitaraplaýyn strategik gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini äşgär edýär.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýärin we «Bir guşak, bir ýol» we «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» ýaly iki ýurduň we halklaryň başlangyçlarynyň öňe ilerledilmegine bilelikde tagalla etmäge taýýardygymyzy nygtaýaryn.

Size berk jan saglyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Si Szinpin,

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, gadyrly doganym!

Siziň doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň.

Biz Sizi görnükli döwlet işgäri, dünýä möçberli syýasatçy, ömrüni Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn we garaşsyz ösüşine, doganlyk türkmen halkynyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna, ýurduň halkara derejesindäki abraýynyň belende galmagyna bagyş eden ynsan hökmünde gowy tanaýarys we Size hormat goýýarys.

Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri Siziň paýhasly we türkmen halkynyň bähbidine laýyk gelýän hem-de onuň asylly başlangyçlaryny äşgär edýän netijeli syýasatyňyz bilen berk baglanyşyklydyr.

Biz, aýratyn-da, Siziň Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmeginde, iki ýurduň arasynda köpugurly we uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşýan goşandyňyza ýokary baha berýäris.

Men Siziň bilen bolan strategik gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga itergi berýän netijeli gepleşikleri hemişe kanagatlanma bilen ýatlaýandygymy aýratyn bellemek isleýärin.

Iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak we özara goldaw bermek ruhunda, geljegi uly başlangyçlaryň we biziň halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, gadyrly doganym, Sizi bu ýatda galyjy we şatlykly sene — pygamber ýaşyna ýetmegiňiz bilen ýene bir ýola tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagt, Siziň jogapkärli döwlet işiňizde egsilmez güýç-kuwwat, uly üstünlik gazanmagyňyzy, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş dileg edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy kabul ediň.

Watana wepaly gulluk etmegiň nusgasy we döwleti dolandyrmakda toplan tejribäňiz diňe bir watandaşlaryňyzyň arasynda däl, eýsem, Siziň ýurduňyzyň daşynda hem çuňňur hormata mynasypdyr.

Siziň Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýärin. Biziň bilelikdäki tagallalaryňyzyň köpasyrlyk dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan gazak-türkmen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün etjekdigine ynanýaryn.

Şu ýakymly pursatda hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siziň Türkmenistanyň doganlyk halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan döwlet işiňizde täze üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kasym-Jomart Tokaýew,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Size berk jan saglyk, bagt, maşgala abadançylygyny hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Biz täjik-türkmen özara peýdaly gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça mundan beýläk-de giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýäris.

Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkejekdigine we onuň täze ugurlary öz içine aljakdygyna ynanýaryn.

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de arzuwlarymy kabul ediň.

Siziň Türkmenistanyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen parasadyňyzyň we baý iş tejribäňiziň üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynanýaryn.

Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we özara peýdaly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dostluk ruhunda işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.

Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sooronbaý Žeenbekow,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagt we döwlet işleriňizde üstünlik arzuw edýärin.

Doganlyk Türkmenistanyň Siziň paýhasly ýolbaşçylygyňyzda häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri bizi begendirýär.

Siziň şu ýylyň mart aýynda biziň ýurdumyza bolan saparyňyzy, birek-birege düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen duşuşygymyzy we pikir alyşmalarymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki derejesi kanagatlanma döredýär.

Şunuň bilen birlikde, Siziň geçirilen Türki dili döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň we Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň Utgaşdyryjy toparynyň Sammitlerine, koronawirus ýokanjyna bagyşlanan wideomaslahatlara gatnaşmagyňyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň ýokary derejä eýediginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size we Türkmenistanyň doganlyk halkyna hemişelik parahatçylygy we gülläp ösüşi ýene bir ýola arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.

Siziň paýhasly ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistan örän möhüm durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Bu bolsa ýurduň halkara giňişligindäki abraýynyň durnukly ösüşini we ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygyň dostluk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ermeni-türkmen gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk we Siziň döwlet işiňizde uly üstünlik Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Armen Sarkisýan,

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ukrainanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň Ukraina bilen Türkmenistanyň arasynda iki ýurduň gülläp ösmeginiň bähbidine ýola goýulýan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan goşandyňyza ýokary baha berýärin.

Biziň ukrain-türkmen hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki tagallalarymyzyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Sizi özüňiz üçin islendik amatly pursatda Ukraina resmi sapar bilen gelmäge çagyrýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size berk jan saglyk, ýokary döwlet işiňizde ägirt uly üstünlik, dostlukly türkmen halkyna bolsa asuda asman we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir Zelenskiý,

Ukrainanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.

Siziň döwlet işinde toplan tejribäňiz we ýolbaşçylyk zehiniňiz Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden daşynda Size uly abraý we hormat getirdi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň iki döwletiň bähbitlerine laýyk gelýändigine we onuň belarus we türkmen halklarynyň arasynda däp bolan dostluk we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlik arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Aleksandr Lukaşenko,

Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglarymy we berk jan saglyk, bagt hem-de uzak ömür baradaky arzuwlarymy kabul ediň.

Siziň döwlet Baştutany wezipesinde alyp barýan netijeli işiňiz we baý syýasy tejribäňiz Size Türkmenistanda bolşy ýaly, onuň çäkleriniň daşynda hem uly abraý getirdi.

Siziň Moldowa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejede ýola goýulmagyna goşýan goşandyňyza çuňňur hoşallyk bildirýärin. Men iki ýurduň we halklaryň bähbidine dürli ugurlarda ýola goýulýan özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýärin.

Hormatly jenap Prezident, Sizi doglan günüňiz bilen ýene bir ýola gutlamaga we Türkmenistanyň gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw etmäge rugsat beriň. Siziň ýakynlaryňyza parahatçylyk we abadançylyk dileg edýärin.

Meniň Size bolan çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Hormatlamak bilen,

Igor Dodon,

Moldowa Respublikasynyň Prezidenti.