milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
19.05.2020 1368 Habarlar

18-nji maýda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ählihalk baýramy bolan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden dabaralandyrýar. Paýtagtymyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene mynasybetli guralan dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän kaşaň Konstitusiýa binasynyň ýanynda säher bilen Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, medeniýet we sungat işgärleri hem-de paýtagtymyzyň köp sanly ilaty ýygnandylar.

Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň, baýramçylyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Baş baýdagynyň ýerleşýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjegine geçdiler.

Hormatly Prezidentimiz belent başly baýdak sütüniniň etegine dabaraly ýagdaýda gül çemenini goýýar. Mejlisiň Başlygy we deputatlar, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ähli dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, gül desselerini goýdular.

18-nji maýda tutuş ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.