milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
31.12.2022 497 Habarlar

30-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyndaky ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy.

Bu ýerde baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýaş aýdymçylar, sazandalar, çagalar tans toparlary öz ukyplaryny we zehinlerini açyp görkezdiler. Ak lybaslary geýnen çagalar toparynyň çykyşlary Baş arçanyň ýanyndaky meýdança ak gar düşen ýaly görnüşi emele getirdi. Çagalaryň şatlyklary, gülküleri bu ýerde guralan dabaranyň owazlary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Çagalar folklor toparlarynyň çykyşlary, türkmen hem-de dünýä halklarynyň ertekileriniň, halk döredijilik gahrymanlarynyň keşpleri bu ýerde guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Döwlet Baştutanymyz çagalaryň hemmelerde buýsanç duýgusyny döredýän çykyşlaryny synlady. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň milli buýsanjy bolan çagalaryň köptaraplaýyn zehini hemmelerde guwanç döretdi.

...Soňra tamamlanyp barýan 2022-nji ýylyň nyşany bolan barsyň lybasyndaky hem-de 2023-nji ýylyň nyşany towşanyň lybasyndaky ýaşajyk artistler hormatly Prezidentimizden özleri bilen bilelikde Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagy haýyş etdiler. Arkadagly Serdarymyz olara minnetdarlyk bildirdi we nesilleriň bagtyýarlygyny, agzybirligini, ajaýyp dessurlaryň dowamlylygyny alamatlandyrýan asylly ýörelgelere eýerip, çagalar bilen arçanyň daşyndan aýlandy.

Bu ýerde guralan dabara gatnaşan çagalaryň hemmesine baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.