15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul
etdi.
Hanym Golda El-Huri geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy
boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň
üstüniň «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek
önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik
däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa degişli güwänamalary gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow degişli
güwänamalary gowşurandygy üçin ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň
ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, munuň baý medeni mirasyny aýawly saklap,
ony nesilden-nesle geçirip gelýän türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň
ösüşine goşýan ägirt uly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar
edilýändiginiň nobatdaky beýanydygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik
şäherleriniň toruna goşmak, şeýle hem geljekde halkymyzyň sungatynyň beýleki
görnüşlerini we özboluşly däp-dessurlaryny ÝUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna
girizmek boýunça häzirki wagtda durmuşa geçirilýän işler ara alnyp
maslahatlaşyldy.