20-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koeni kabul etdi.
Taraplar abraýly halkara düzümleriň, ilkinji
nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň
çäklerinde utgaşykly hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň sebit we ählumumy möçberde
parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny
goldaýandygy üçin Ysraýyl Döwletiniň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.
Söwda-ykdysady ulgam türkmen-ysraýyl
hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle hem döwlet we hususy
ulgamyň wekilleriniň özara saparlaryny işjeňleşdirmegiň, ýurtlarymyzda
öndürilýän önümleriň we tehnologik işläp taýýarlamalaryň sergilerini guramagyň
özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigi bellenildi.
Öz gezeginde, Türkmenistan Ysraýylyň oba hojalyk,
suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, sanlylaşdyrmak we saglygy goraýyş ulgamlarynda
gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga gyzyklanma bildirýär. Medeni-ynsanperwer
ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem türkmen-ysraýyl gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly
orun eýeleýär.
Myhman netijeli söhbetdeşlik üçin döwlet
Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Ysraýylyň ýurdumyz bilen köpugurly
hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini maksat edinýändigini ýene-de bir gezek
tassyklady.