10-njy
fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň
Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz
Alonsony kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň
dowamynda syýasy, ykdysady, hukuk, ulag-üstaşyr geçelgeleri, energetika,
medeniýet, ynsanperwer we ekologiýa ugurlaryny öz içine alýan birnäçe
ulgamlarda ýola goýulýan gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly
meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda
açylan Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasyna möhüm ornuň
degişlidigi nygtaldy. Ol hyzmatdaşlyga täze itergi berip, gatnaşyklaryň işjeň
we netijeli häsiýete eýe bolmagyna hem-de ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze
Strategiýasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berer.
Ilçi
ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlyk üçin eýeleýän ornuna ýokary baha berip,
Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň
mundan beýläk-de ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ýewropa Bileleşigi bilen birek-birege hormat goýmak, işjeňlik we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.