9-njy maýda irden hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň
1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy
mynasybetli Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde
gatnaşmaga iberen çakylygy boýunça iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna
ugrady.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
...Birnäçe wagtdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynyň «Wnukowo-2» howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi adamlar garşyladylar.
Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kremliň ýanyna geldi. Kremliň «Tugraly» zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.
Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň merkezi münberine tarap ugrady. Belent mertebeli myhmanlar bu ýerden dabaraly harby ýörişi synladylar.
Dabaraly harby ýöriş tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna tarap pyýadalap ugradylar. Bu ýerde Näbelli esgeriň guburyna gül goýmak çäresi boldy.
Gussaly saz astynda dostlukly ýurtlaryň Liderleri 2009-njy ýylyň noýabr aýynda «Söweşjeň şöhratyň umumymilli toplumy» derejesi berlen kaşaň binagärlik toplumyna gül goýdular.
Tutuş adamzadyň parahat durmuşynyň we azatlygynyň goragyna
giden hem-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy
söweşlerde wepat bolan gahrymanlara hormatyň nyşany hökmünde döwlet
Baştutanymyz Baky oda gül goýdy.