Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri
Sindzo Abä Ýaponiýanyň günorta sebitinde bolup geçen giň gerimli suw joşguny we
süýşgünler netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly
möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz halkyň, Hökümetiň, şeýle
hem öz adyndan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we
ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere
bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.