milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
02.03.2023 243 Habarlar

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Duşuşykda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine meýil beýan edildi. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde amala aşyrylýan hem-de innowasiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny ugur edinýän giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy bu hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunda Türkmenistanda daşky gurşawy goramak we ekologik howpsuzlyk meselelerine aýratyn üns berilýändigi nygtaldy. Howanyň üýtgemeginiň ýetirýän täsirlerini peseltmek boýunça netijeli çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär, durmuş-ykdysady taslamalar amala aşyrylanda, ekologiýa meselesine uly ähmiýet berilýär.

Şeýle-de häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, suw serişdelerini gorap saklamagyň we olary rejeli peýdalanmagyň täzeçil tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ulanmak arkaly ýurdumyzyň ähli derýalarynda endigan suw akymyny üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi. Şundan ugur alyp, bu meseleleri çözmekde Türkmenistan öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ulanmagy maksat edinýär hem-de «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardyr.