25-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň
arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda milli
Liderimiz we Bahreýniň Patyşasy häzirki taryhy döwürde täze mazmun bilen üsti
ýetirilýän döwletara gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler. Söhbetdeşler
gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, ozal
gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde medeni-ynsanperwerlik ugurlarynda özara
gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki ugurlaryny nazara alyp, onuň anyk ugurlaryny
kesgitlediler. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde deňhukuklylyk we birek-birege
hormat goýmak esasynda ýola goýulýan türkmen-bahreýn gatnaşyklary işjeň
ösdürilýär.