Düýn – 5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti bellenildi. Şunda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň uzak möhletleýin esasda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz
türkmen-amerikan işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge, döwletara dialogy
pugtalandyrmaga ýardam edýän netijeli işi üçin jenap Erik Stýuarta minnetdarlyk
bildirip, Türkmenistanyň ABŞ-nyň kompaniýalary bilen oňyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny
goldaýandygyny we işewürlik geňeşi tarapyndan anyk tekliplere garamaga
taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman türkmen-amerikan ykdysady
hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk oňyn tejribä daýanyp, uzak möhletlilik, özara
bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam
bildirdiler.