Düýn – 6-nji
noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň
wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk
toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Ol bu toparyň
nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin, öz ýurdunyň wekiliýetine
ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi.
Şu gezekki saparyň
çäklerindäki gepleşiklerdir duşuşyklaryň iki döwletiň arasyndaky
hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam
bildirdi. Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň ykdysady kuwwatyny nazara
almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça
işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman iki halkyň taryhynyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni-ruhy gymmatlyklarynyň umumydygyny bellediler. Munuň özi medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek üçin amatly şertleri döredýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz strategik döwletara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.