milli goshun logo
Türkmenistanly ýaş alymlar Malaýziýada geçirilen halkara bäsleşikde altyn medal gazandylar
Türkmenistanly ýaş alymlar Malaýziýada geçirilen halkara bäsleşikde altyn medal gazandylar
11 sagat öň 22 Habarlar

Türkmenistanyň ýaş alymlary 26-30-njy iýun aralygynda Malaýziýanyň Kuçing şäherinde geçirilen «Borneo BIICC-2025» («Borneo International Innovation Creativity Competition») atly abraýly halkara bäsleşikde uly üstünlik bilen çykyş edip, altyn medala mynasyp boldular.

Bäsleşik durmuş, ynsanperwer, daşky gurşawy goraýyş ylymlary, fizika, matematika, inženeriýa, kompýuter ylymlarynda, bilim bermek we okatmak, emeli aň hem-de amaly ylymlar ugurlarynda ýaş alymlaryň, oýlap tapyjylaryň, ylmy-barlagçylaryň, täzeçillik gözleýjileriň arasynda geçirildi.

«BIICC-2025» örän köp gyzyklanylýan «STEM» çäresi hökmünde «Malaýziýanyň rekordlar kitabynda» bellige alnandyr. Forumda Malaýziýadan, Türkmenistandan, Bangladeşden, Hindistandan, Filippinlerden, Tailanddan, Müsürden, BAE-den, Indoneziýadan, Rumyniýadan, Bosniýa we Gersegowinadan, Salwadordan, Gazagystandan we Wýetnamdan ýaş alymlaryň 4500-den gowragy çykyş edip, ylmy taslamalaryň 146-syny hödürlediler.

Bäsleşige biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň topary gatnaşdy. Onuň düzümine uly mugallym Atamyrat Altyýew hem-de 3-nji ýyl talyplar Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we Tumar Orpaýewa girdiler.

Forumda Süleýmanmuhammet Şamuhammedowyň tanyşdyran «Durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak: ýaşyl sementi öndürmegiň ylmy esaslary» atly ylmy taslamasy altyn medalyň üçüsini – daşky gurşawy goramak hakynda ylym ugry boýunça altyn medaly, bäsleşigiň iň ýokary baýraklarynyň biri bolan «Platina baýragyny» hem-de «Durnukly ösüş üçin baýragyny» eýeledi.

Süleýmanmuhammet Şamuhammedowyň ylmy işinde senagat galyndylaryny, esasan, kömrüň külüni we ýerli çig maly ulanmak arkaly sement öndürmegiň alternatiw usullaryna garalyp, ol iş uglerodyň bölünip çykmagyny azaltmaga we daşky gurşawa ýetirilýän täsiriň töwekgelçiliklerini peseltmäge gönükdirilendir. Eminleriň pikirine görä, şeýle hem bu çözgüt durnukly şäher ösüşine möhüm goşantdyr.

Uly mugallym Saparmyrat Öwezsähedowyň ýolbaşçylygynda uniwersitetiň 3-nji ýyl talyby Tumar Orpaýewa tarapyndan ýerine ýetirilen «Oba hojalyk galyndylaryndan sorbent kömürturşy gazyny aýyrýan» ylmy taslama eminleriň ýokary bahasyny aldy. Tumar bu ylmy taslamasy bilen çykyş edip, bäsleşigiň daşky gurşawy goramak hakynda ylym diýen ugry boýunça altyn medala mynasyp boldy. Ol öz işinde oba hojalygyndaky şalynyň şulhasy, gowaçanyň çöpi ýaly galyndylardan, üzümiň we tut agajynyň miweleriniň galyndylaryndan köpöýjükli sorbenti almagyň usuly bilen tanyşdyrdy, şeýle hem onuň kömürturşy gazyny özüne çekip almakdaky netijeliligini ylmy taýdan subut etdi.

Türkmenistanyň toparynyň ýolbaşçysy uly mugallym Atamyrat Altyýew bilim ulgamynyň ösüşine goşandy üçin «Borneo International Leaders and Educators Award» altyn medaly bilen sylaglandy.

Bu ýokary üstünlikler Türkmenistanyň ýaşlarynyň döredijilikli pikirlenmek we innowasion çözgütleri kabul etmek arkaly BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda wajyp wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýandyklaryny, ylmy-barlag işlerini ýokary derejede ýerine ýetirýändiklerini aýdyň görkezýär. Türkmen talyplarynyň taslamalary BMG-niň DÖM-ne doly laýyk gelýär hem-de bu ugurda döwlet, sebit we dünýä derejesinde ähmiýetli bolan möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

Bu bäsleşigiň ýaş alymlaryň, bütin dünýäden döredijilik taýdan zehinli ýaşlaryň innowasion taslamalaryny görkezmek üçin netijeli halkara çäre bolandygyny bellemek gerek. Ýaş alymlaryň işleri BMG-niň DÖM-ni durmuşa geçirmäge, şeýle hem häzirki zamanyň ylmy-tehniki ösüşinde täze ugurlary döretmäge we öňe ilerletmäge uly goşant goşýar.