Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli baýram — Türkiýe Respublikasynyň
şanly 100 ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp
Ärdogana we ýurduň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy
arzuwlaryny iberdi.
«Siziň
ýurduňyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda gazanan üstünliklerini,
şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek buýsançlydyr.
Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan
şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň
mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys» diýlip, döwlet
Baştutanymyzyň gutlag hatynda bellenilýär.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakynda Türkiýe Respublikasyna üstünlikli amala aşyran resmi saparynyň türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.