Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we
Türkiýäniň doganlyk halkyna ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli
tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Ýurduňyzyň syýasy, ykdysady,
durmuş ulgamlarynda gazanan üstünliklerini hem-de döwletlerimiziň arasynda
emele gelen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellemek biziň üçin ýakymlydyr.
Biz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara
ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine
has-da ösdüriljekdigine ynam bildirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag
hatynda nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.