Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogana Türkiýe
Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli
ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Siziň
baştutanlygyňyzda Türkiýäniň durmuş-ykdysady ulgamda täze sepgitlere ýetmek,
şeýle hem halkara giňişlikde at-abraýyny has-da ýokarlandyrmak ýolunda ösüşleri
ynamly dowam etdirjekdigine ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag
hatynda belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Türkiýe
Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlara uzaýan mizemez dost-doganlyga
we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny nygtap, häzirki wagtda giň ugurlar boýunça
okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma
bilen belledi hem-de strategik häsiýete eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň
bilelikdäki tagallalar netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de
pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp
Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkiýe Respublikasynyň
gülläp ösmegine we rowaçlygyna gönükdirilen ähli başlangyçlarynda üstünlikleri
arzuw etdi.