Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň günorta-gündogar
sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň
möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny
iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban
bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we
Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji
sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini
beýan etdi.