milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygyny kabul etdi
18.11.2022 380 Habarlar

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şu ýyl 30 ýylyň dolýandygy bellenildi. Şu döwürde Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. 

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. 

Geçirilen duşuşykdan soňra Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop iki doganlyk ýurduň parlamentarileriniň öňünde çykyş etdi. 

Şeýle-de şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy geçirildi.