20-nji
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň
Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan
Oraly kabul etdi. Ilçi milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat resmi
taýdan kabul etmäge wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet
Baştutanymyza Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli
salamyny ýetirdi. Türkiýäniň Baştutany doganlyk türkmen halkyna bagtyýarlyk we
abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Döwlet
Baştutanymyz diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ägirt
kuwwata hem-de ajaýyp geljege eýe bolan köptaraply türkmen-türk hyzmatdaşlygyny
işjeňleşdirmek ugrundaky işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de ilçi özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.