10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek
Ömüraliýewi kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlardaky ägirt uly
mümkinçilikleri nazara alyp, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça
gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Energetika, ulag-aragatnaşyk we
söwda ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de tagallalary
utgaşdyrmak möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Medeni-ynsanperwer ulgam
hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilim, ylym we medeniýet
ugurlary boýunça maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň gerimini giňeltmek, bu
ugurdaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy
täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde
aýratyn ähmiýetlidir.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow we myhman Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň
arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ählumumy abadançylygyň bähbidine mundan
beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky däp
bolan ynanyşmak hem-de dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegini üpjün
etjekdigine ynam bildirdiler.