«Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin Hytaý
Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji maýda HHR-iň Başlygy Si
Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň awtoulag
kerweni «Şansi» myhmanhanasyna bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda ýokary derejedäki
duşuşyk geçirildi.
Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hili we möçberi görnetin artdyrylyp, hakyky şertlere, bar bolan mümkinçiliklere laýyk bolmalydyr. Şunda anyk taslamalara çykyp, iki ýurduň geografik hem-de üpjünçilik ulgamyndaky artykmaçlygyny peýdalanmagyň, täze ugurlary, şol sanda çig mala bagly bolmadyk we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda we beýlekilerde täze ugurlary gözlemegiň zerurdygy nygtaldy.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda medeniýet, bilim, ylym, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Gepleşikleriň dowamynda taraplar şu ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň HHR-e döwlet saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Hytaýdaky Medeniýet ýylyny geçirmek barada pikir alyşdylar. Şol ýyl türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy hem toýlanar.
Bellenilişi ýaly, saglygy goraýyşda, şol sanda lukmançylyga keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň täze usullaryny we däp bolan lukmançylygyň tejribesini, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu ugurda täze bilimleri özleşdirmek ulgamynda gatnaşyklar işjeňleşdirilýär hem-de giňeldilýär. Sport ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Biziň ýurtlarymyz bu ulgamy ösdürmäge uly üns berýärler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we
HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol
çekmek dabarasy boldy. Resminamalara gol çekmek dabarasy
tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary taraplaryň iki dostlukly
döwletiň we halklaryň bähbidine giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassykladylar.