6-njy ýanwarda Pekinde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda
gepleşikler geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz düýn döwlet sapary
bilen HHR-e geldi.
Gepleşikleriň barşynda iki döwletiň Baştutanlary
türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň, uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda
guralýan giň gerimli döwletara hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri boýunça içgin
pikir alyşdylar, şeýle-de halkara we sebit gün tertibiniň özara gyzyklanma
bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý
Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini islendik amatly wagtda döwlet sapary
bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.
Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Soňra duşuşyk çäkli düzümde dowam etdi. Işjeň,
netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda ählumumy ykdysadyýetiň häzirki
ýagdaýyny hem-de iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny
nazara almak bilen, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we
geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de
guramaga esasy çemeleşmeler beýan edildi. Özara ynanyşmak, deňhukuklylyk,
birek-birege hormat goýmak şol gatnaşyklaryň esasy ýörelgeleri bolup durýar.
Dürli derejelerde işjeň gatnaşyklary dowam etdirmegiň hem-de Birleşen Milletler
Guramasynyň, beýleki abraýly halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde
özara goldaw bermegiň wajypdygy nygtaldy.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek
dabarasy boldy.
Bu ýere ýygnananlaryň dowamly el çarpyşmalary
astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si
Szinpin Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyna
gol çekýärler.