Düýn – 13-nji oktýabrda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iş saparynyň barşynda
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky
mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan «Ala-Arça» döwlet kabulhanasynyň Maslahatlar
binasyna bardy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu
mejlisde taryhy çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
çykyşynyň başynda sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, Prezident Sadyr Žaparowa şu
mejlisiň guralandygy, hoşniýetlilik, myhmansöýerlik we netijeli işlemek babatda
döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Soňky döwrüň halkara wakalary
parahatçylygy saklamagyň, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň dünýä
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boljakdygyny aýdyňlyk bilen görkezýär
diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Bu babatda häzirki wagtda Türkmenistan
dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryny we ugurlaryny nazara almak bilen, BMG-niň
howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak
mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär. Bu başlangyç
Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň barşynda beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow bu strategiýanyň möhüm ugurlarynyň üçüsini anyklaşdyryp, olaryň
birinjisi hökmünde gapma-garşylyklaryň we howplaryň öňüni almagyň, aradan
aýyrmagyň, olary ýüze çykarýan sebäpleri ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş
diplomatiýasynyň ýörelgelerini kesgitledi. Strategiýanyň ikinji ugry syýasy
hukuk dereje hökmünde oňyn Bitaraplygyň kuwwatyndan peýdalanmak bilen baglydyr.
Munuň özi diplomatik serişdeleriň we usullaryň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly
jedelleridir gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmagyň möhüm
şerti bolup hyzmat edýär. Bu babatda Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň
özboluşly halkara hukuk ýagdaýy, toplan parahatçylyk dörediji araçyllygynyň oňyn
tejribesi hem-de döwletara meseleleri dawasyz çözmäge ygrarlydygy bellenildi.
Üçünjiden, Ählumumy howpsuzlyk
strategiýasynda parahatçylygy üpjün etmegiň kepili hökmünde ynanyşmak
dialogynyň medeniýetini dikeltmegiň ähmiýetini nazara almagy wajyp hasaplaýarys
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň
2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň
kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky
çözgütleriniň orny nygtaldy. Wagt bu Kararnamalaryň häzirki döwür üçin hem
derwaýysdygyny tassyklady. Biz strategiýanyň işlenip taýýarlanylmagyna özara
düşünişmek we hyzmatdaşlyk, şol sanda Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmagyň ýolunda, şeýle hem syýasy, ykdysady, ekologik, tebigaty
goramak, ynsanperwer häsiýetli derwaýys meseleleri çözmek, umuman, Durnukly
ösüş maksatlaryna ýetmek üçin möhüm ädim hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz
belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň giňişliginde döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistan şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda toparyň ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyny geçirmegi, şondan soňra 2024-nji ýylda halkara maslahaty guramagy teklip etdi we GDA gatnaşyjy döwletleriň ýokarda agzalan başlangyjyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygyna ynam bildirdi.