Mälim bolşy ýaly, «Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin
Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 —
2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» netijeli durmuşa geçirmek, halkara sergi
işini ösdürmekde abraýly halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen
hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz
«Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin
Konsepsiýasyny» tassyklaýan degişli Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedowyň 5-nji oktýabrda Halkara sergiler býurosynyň Baş
sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etmegi we myhman bilen bu düzümiň goldaw
bermeginde guralýan sergi-ýarmarka işleri ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň
meseleleri, şeýle hem öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegiň mümkinçilikleri barada
pikir alyşmagy hem bu ugruň ýurdumyz üçin möhümdigine şaýatlyk edýär.
Biziň döwletimiz «Açyk gapylar»
syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi
bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Şunda diňe bir
dünýäniň öňdebaryjy tejribesini özleşdirmek däl, eýsem, içerki we daşarky
bazarlarda ýerli harytlaryň, hyzmatlaryň ilerledilmegi hem göz öňünde tutulýar.
Munuň özi halkara sergileriň dünýä ykdysadyýetine ýakynlaşmagyna, özara
bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Aşgabatda yzygiderli geçirilýän sergiler ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň üstünliklerini wagyz etmäge uly goşant goşýar. Şu ýylyň mart aýynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Bu çäre hususy pudagyň ösdürilmeginiň milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini görkezdi. Bu pudak ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, azyk bolçulygyny döretmekde, ilatyň iş bilen üpjünçiliginde ähmiýetli orny eýeleýär. Telekeçilerimiz halkara derejede Türkmenistanyň adyndan mynasyp wekilçilik edip, Watanymyzyň at-abraýyny ýokarlandyrýarlar. Şu ýylyň 3-4-nji maýynda paýtagtymyzda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara serginiň, 24-25-nji maýda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII halkara köpugurly serginiň, 28-nji maýda Aşgabatda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Türkmen halysy — türkmeniň kalby” atly halkara serginiň, 10 — 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň geçirilmegi bu pikir ýöretmeleriň durmuş ýüzündäki beýany bolup durýar.