milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.12.2022 586 Habarlar

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin saud tarapyna minnetdarlyk bildirdi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen birnäçe Kararnamalar bu başlangyçlaryň möhümdigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud iki ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň oňyn depginini we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly eksport-import mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.