1-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän
orunbasary A.Ýazmyradowyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň we Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň
gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba
hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy, hormatly
Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Amerikanyň
Birleşen Ştatlaryna we Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş
saparlarynyň netijeleri bilen bagly meselelere garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna
gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzyň
welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada
hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümlerini öndürmek
boýunça öňde goýlan wezipelere jogapkärçilikli, toplumlaýyn çemeleşmegiň
zerurdygyny belledi we bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň ýokary guramaçylyk
derejesinde, agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegine
gözegçiligi üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna
laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we
Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri
barada hasabat berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimize nobatdaky zähmet rugsadyna çykmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz haýyşy kanagatlandyryp, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmegiň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň üstüne ýüklenýändigini aýtdy.