Düýn – 27-nji
noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda, Aşgabat
şäherinde we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.
Sanly ulgam arkaly
geçirilen iş maslahatynyň dowamynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň,
şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin
Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi
göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra Aşgabat
şäheriniň häkimi paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli
Aşgabatda guraljak dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça zerur taýýarlyk
işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda giňden
bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygy
mynasybetli guraljak dabaralaryň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we Aşgabat
şäheriniň baýramçylyk äheňinde bezelmegini, talabalaýyk abadanlaşdyrylmagyny,
medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini
üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz
iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli
ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy we birnäçe
görkezmeleri berdi.