milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
07.02.2023 315 Habarlar

6-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem sebitleriň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Häzirki wagtda gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanylýar, pagtaçy kärendeçileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine hem-de welaýatlaryň häkimlerine häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň, şu ýylyň hasyly üçin gowaçanyň hem-de ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmeginiň, ilatly ýerleriň elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň, obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly işiniň möhüm şerti bolan suwdan netijeli peýdalanmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.