28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin
oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün
etmegiň möhüm wezipedigini belläp, ösdürilip ýetişdirilen güýzlük ýeralmanyň,
gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň, gant şugundyrynyň hasylyny gysga
wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini
tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň meselelerine ünsi çekip, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky işleriň gözegçilikde saklanylmagy
babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, dolandyryş-çäk
bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly zerur işleriň geçirilmegi tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip,
şu günler ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde
durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň
möhümdigini belledi hem-de bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.