Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.
Maslahatyň
barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýerlerde ýerine
ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz
wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi
hem-de ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginleriniň
güýçlendirilmegini, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, maldarçylyk hojalyklarynda gyş
möwsümine ykjam taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere
tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz
iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, milli ykdysadyýetimiziň esasy
pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzda
azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň
üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.