milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.01.2023 298 Habarlar

3-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda başlanan täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle hem gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň düýbüni tutmak maksady bilen, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Hususan-da, şu ýylyň ýazky ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalary we gurallary abatlamak, olary talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetindäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.