17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän
orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly
ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.
Bellenilişi ýaly, şu günler pagtaçy daýhanlarymyz
tarapyndan oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli
peýdalanmak, agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek arkaly ýurdumyzyň
welaýatlarynda gowaça ekişi dowam edýär. Ekiş geçiriljek meýdanlara tagt suwy,
eýýäm ekilen gowaçalara bolsa gögeriş suwy tutulýar. bugdaý ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, ekini mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, oňa ösüş suwuny tutmak we beýleki degişli işler
geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň
häkimlerine ýüzlenip, şu günler ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda dowam edýän oba
hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we olaryň agrotehnikanyň
talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegi, howanyň maýlamagy bilen
baglylykda, ekin we öri meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak
boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.