Şu gün – 16-njy oktýabrda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny
geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan
işler bilen bagly meselelere garaldy.
Bellenilişi ýaly, welaýatlarda
bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek, ekilen
meýdanlarda kadaly gögeriş almak, ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak,
ýygnalan hasyly pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek
boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy
kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Şaly ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly
ýygnamak işi guramaçylykly alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlarda geljek
ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi geçirilýär, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş
suwy tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna
gatnaşyjylara ýüzlenip, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerini
agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyklykda we bellenen möhletlerde ýerine
ýetirmek boýunça öňde goýlan wezipelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini
belledi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde
tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine
ýetirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly görkezmeleri berdi.