19-njy dekabrda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna
gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň
welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň
barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabatlary diňläp, milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyndaky wezipelere
ünsi çekdi hem-de häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň zerurdygyny
belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna
hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň,
hususan-da, bugdaýa ideg etmek, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
meýdanlarda sürüm işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň
üpjün edilmegine, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine
jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we degişli tabşyryklary berdi.
Mundan başga-da, welaýat häkimlerine ýaşaýyş
jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny
kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün
etmek boýunça zerur işleri geçirmek tabşyryldy.