11-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna
gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba
hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen
bagly meselelere garaldy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň
welaýatlarynda gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli
geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk
tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Bu işler bilen bir
hatarda gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan, bugdaýyň ýokary hasylyny ösdürip
ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak, şeýle hem haşal otlaryň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni
almak boýunça degişli işler geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň
häkimlerine ýüzlenip, şu günler ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda dowam edýän oba
hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi, bugdaýa edilýän ideg işleriniň
depginleriniň ýokarlandyrylmagy, hususan-da, ösüş suwlaryny tutmak işleriniň
agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegi babatda birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.